552
Dostlugyň we raýdaşlygyň nyşany hökmünde bag ekmek dabarasy geçirildi
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşan döwlet ýolbaşçylary Samarkant şäheriniň taryhy Registan meýdanynda agaç nahallaryny oturtdylar. Türki dünýäsiniň jebisliginiň has-da pugtalandyrylmagy üçin geçirilen agaç nahallaryny oturtmak çäresi şol birwagtda biziň ýurdumyzda hem geçirildi. 10 müň türkmenistanlynyň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek dabarasynda 10 müň düýp bag nahaly oturdyldy. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Güýz paslynyň soňky aýynyň güneşli bolmagy bu ýowaryň has-da ruhubelent ýagdaýda geçmegine ýardam berdi. Bag ekmek bilen bir hatarda talyplar abadançylyk işlerini hem ýerine ýetirdiler.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.