30/11/-0001
582
Diller - dostluk köprüsi
2022-nji ýylyň 13-nji iýunyndan 21-nji iýuny aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Dünýäniň medeniýetleri we sungatlary diller arkaly dostlaşýar we bitewüleşýär” atly onlaýn okuw-usuly hepdeligi geçirildi. Bu hepdelige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Hepdeligiň jemleýji gününde fransuz dili mugallymlarynyň onlaýn okuw-usuly maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Selbi Muhammedowanyň Magtymguly Pyragynyň goşgusyny fransuz dilinde ýerine ýetirmegi bilen okuw-usuly maslahaty açyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary fransuz dilini okatmakda ulanylýan usulyýetler barada çykyş etdiler. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bolsa türkmen-fransuz medeni, syýasy, diplomatik gatnaşyklar dogrusynda, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň fransuz jemgyýetine ýetirilmegi, eserleriniň fransuz diline terjime edilişi barada giňişleýin bellediler.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenip dünýä ýüzünde türkmen halkyny belende göterip, halkymyzy buýsandyrmaklary üçin köp işler alnyp barylýar. Şeýle okuw-usuly maslahatlaryň geçirilmegi ýurdumyzda talyp ýaşlaryň kämil bilim almagyna uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Laçyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!