Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Diller – dostluk köprüsi
    Diller – dostluk köprüsi surady
    30/11/-0001

    1059

    Diller – dostluk köprüsi

    2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň “Diller – dostluk köprüsi” atly iki aýlygyň meýilnamasynyň çäklerinde “Dillerde dünýä medeniýetiniň gözelligi” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Konsertde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary dürli dünýä dillerinde çykyşlary görkezdiler. Geçirilen konsertiň başynda “Diller – dostluk köprüsi” atly iki aýlygyň çäklerinde geçirilen çärelerde işjeňlik görkezip ýeňiş gazanan talyp ýaşlary hem-de mugallymlary sylaglamak dabarasy boldy. Bu dabarada biziň ýokary okuw mekdebimiziň hem talyplary, mugallymlary degişli sylaglara mynasyp boldular. Has takygy, şu ýylyň 9-njy noýabrynda “Dilleri öwretmegiň netijeliligini nädip ýokarlandyrmaly?” atly gurnalan pikir çekişmede işjeňlik görkezenligi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Nazar Niýazow sertifikat bilen sylaglandy. 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen “Ülkämiň gymmatlyklary” atly bäsleşikde I orna mynasyp institutymyzyň talyplar topary, ýagny, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Rasulowa, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Berdigylyç Ýazmyradow hem-de Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mahym Kakaýewa sertifikat bilen sylaglandylar. “Dilleri öwretmekde we öwrenmekde tejribeçi ýaşlaryň gazananlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Batyrmuhammet Orazow we Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Intizar Tagannyýazowa üstünlikli gatnaşyp, hormat hatlary bilen sylaglandylar. Mundan daşary, şu ýylyň 17-nji dekabrynda “Dilleri öwretmegiň milli we halkara tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirilip, oňa institutymyzyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Mähriban Gelenowa gatnaşyp, hormat haty bilen sylaglandy.
    Biz hem öz gezegimizde talyp deň-duşlarymyzy we mugallymlarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlap, geljekde hem olara döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

    Mahym NARMYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI