20/04/2026
64
DILLER – DOSTLUK ÇEMENI
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan guralan «Diller – dostluk çemeni» atly dil hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre halkara gatnaşyklarynda dilleri öwrenmegiň we medeniýetara dialogy ösdürmegiň ähmiýetine bagyşlandy. Dil hepdeliginiň açylyş dabarasynda institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gaýgysyz Döwletow gutlag sözi bilen çykyş edip, dünýä dilleriniň dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki ornuna aýratyn ünsi çekdi we ähli gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.
Dil hepdeliginiň ilkinji güni rus diline bagyşlanyp, dabaranyň bu bölegi gyzykly we mazmunly pursatlara baý boldy. Çäräniň dowamynda rus diliniň halkara gatnaşyklaryndaky we diplomatiýadaky ähmiýeti barada çykyşlar edilip, talyplar tarapyndan dünýä belli rus edebiýatynyň wekilleriniň dürdäne goşgulary çeper okaldy. Şeýle hem ýaşlaryň ýerine ýetiren rus tansy we ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini berdi.
Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde rus dili we edebiýaty boýunça talyp ýaşlaryň arasynda sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Gyzykly we çekeleşikli geçen bu bäsleşik gatnaşyjylaryň intellektual ukyplaryny we dil öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny görkezmäge mümkinçilik berdi. Dabara gatnaşanlar rus diliniň baý medeni mirasyna we häzirki zaman dünýäsindäki ornuna degişli täze maglumatlar bilen tanyş boldular.
«Diller – dostluk çemeni» atly hepdeligiň çäklerindäki beýleki diller boýunça dabaralar hem geljekki günlerde dowam eder.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.