Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Новый формат общения экспертов ЦА региона и Азербайджана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • INSTITUTYŇ TALYPLARY ÜÇIN ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA TEMATIK OKUW SAPAKLARY
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ V SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • «DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
    • Media
    Esasy / Çäreler / “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly maslahat
    “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly maslahat surady
    30/11/-0001

    1105

    “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly maslahat

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary we Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedralary tarapyndan institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 31-nji martynda “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly maslahat geçirildi. Bu maslahat 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan teklip edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýen ählumumy başlangyjy dogrusynda guraldy. Maslahatda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa parahatçylygyň giň many-mazmuny, onuň ähmiýeti we ýurdumyzda parahatçylyk syýasatynyň alnyp barlyşy dogrusynda çykyş etdi. Şeýle hem, Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Mährijemal Mämmedowa we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şirin Mirmedowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň tutýan orny, ony ösdürmekde we alyp barmakda edilýän işler barada gürrüň etdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň goşgulary okaldy. “Ýaşasyn parahat durmuş” atly goşgusyny Halkara gatnaşyklary fakultetiniň bakalawr ugry boýunça 1-nji ýyl talyby Batyr Esenow hem-de “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusyny Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Arslan Syýahatow labyzly ýerine ýetirdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar tarapyndan ýurdumyzda parahatçylygyň we halkara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

    Şeker BATYROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI surady

    20/02/2026

    TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT WE BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi surady

    17/02/2026

    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
    “BITARAPLYK – TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    16/02/2026

    “BITARAPLYK – TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI