30/11/-0001
529
«DELI SOLTANLYGYNYŇ, KUTUBŞA, SEFEWI WE OWŞAR TÜRKMENLERINIŇ DÖWLETLERINIŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY
2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaş diplomatlar mekdebiniň » agzalarynyň gatnaşmagynda «Deli soltanlygynyň, Kutubşa, Sefewi we Owşar türkmenleriniň döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa mekdebiň Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan agzalary gibrid görnüşde gatnaşdylar.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Kakabaý Amanmyradow we Türkmen döwlet Maliýe institutynyň mugallymy Agajan Ataýew çykyş etdiler. Halypa taryhçylar öz täsirli çykyşlarynda türkmenleriň Hindistanda we Orta Gündogarda guran döwletleriniň ýola goýan döwletara gatnaşyklary we olaryň alyp baran inçe diplomatiýasy barada aýratyn bellediler. Bu döwletleriň türkmen halkynyň şanly taryhynda aýratyn ornunyň bardygyny nygtap geçdiler.
«Ýaş diplomatlar mekdebiniň» işjeň agzalary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşiginiň indiki tapgyry üçin gerek bolan maglumatlary özlerine belläp aldylar. Okuw sapagynyň ahyrynda bolsa, mekdep okuwçylary tasirli çykyşlar üçin halypa taryhçylara özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.