Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirdi
    Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirdi
    Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirdi
    Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirdi
    27/04/2023

    2895

    Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirdi

    2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Tokioda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Ýaponiýanyň Halkara gatnaşyklar institutynyň Baş direktory, professor Tomiko Içikawanyň arasynda geçirilen duşuşykda akademiki hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow we iki tarapyň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar pikir alyşmagyň dowamynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly bolan ugurlarda konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu jähtden, bilelikdäki onlaýn okuwlary, ylmy we akademiki alyş-çalyşlary, bilermenleriň derejesinde gepleşikleri ýola goýmagyň we ylmy-barlag neşirleriň çykarylyşyny guramagyň mümkinçilikleriň üstünde durlup geçildi. 2023-nji ýyl Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistanda alnyp barylýan özgertmelerde ýaşlaryň ornuna aýratyn ünsi çekmegi maksat edinýän ýylyň şygary ýurdumyzyň bu meseleler boýunça halkara gatnaşyklardaky garaýyşlaryna gabat gelýär. Duşuşykda ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine-de aýratyn üns berildi. Ýaşlaryň halkara gatnaşyklarynda tutýan ornunyň artmagyna we Türkmenistanda ýaşlaryň hyzmatdaşlyk Strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin görülýän çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Watanyň mundan beýläkki durnukly we hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşinde, onuň dünýä giňişligindäki öňdebaryjy ornuny berkitmekde ägirt uly kesgitleýji ornuň ýaşlara degişlidigini göz öňünde tutmak bilen, ýurdumyzda ýaşlar milli we döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaş türkmen raýatlarynyň ösmegi we kämilleşmegi, olaryň aň-bilim, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň giňeldilmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Taraplar ýaşlar syýasaty meselelerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek we bu ugurda tejribe alyşmak üçin gatnaşyklary ýola goýmak barada ylalaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ugurly iki öňdebaryjy bilim edralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.


    Bu hakda şu ýerden hem okap bilersiňiz:


    https://turkmenistan.gov.tm/en/post/71870/development-turkmen-japanese-cooperation-field-education-was-discussed-capital-japan


    https://mfa.gov.tm/tk/articles/827

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI