30/11/-0001
625
Daşky gurşawy we ekologiýany gorap saklamaga bagyşlandy
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Daşky gurşawy we ekologiýany gorap saklamak» atly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekili, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Häzirki döwürde döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreş babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, obasenagat toplumynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek esasynda suw we oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklarynda döwrebap, ekologik nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik standartlar hem-de gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, ýaşaýyş, raýat desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplaryny kämilleşdirmek maksady bilen çäreler görülýär.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler alnyp barylýandygy bellenmäge mynasypdyr.
Duşuşykda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekili isleg bildirýänleri guramanyň agzalygyna kabul edilýändigi baradaky çykyşy bilen ýüzlendi. Institutyň mugallymlary we talyplary bu guramanyň agzalygyna höwes bilen goşuljakdyklaryny, tebigaty goramaga gatnaşmagyň hemmäniň jana-jan borjudygyny bellediler.
Şamyrat AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.