30/11/-0001
1978
“Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary” atly okuw-usuly maslahat
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda mekdep mugallymlarynyň gatnaşmagy bilen “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary” atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen daşary ýurt dilleriniň okadylyş aýratynlyklary barada geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymlary M.Orazowa, O.Hemzaýew, Germaniýa Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) lektory, institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy G.Maag, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy G. Gylyçmyradowa we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili kafedrasynyň aspiranty G. Gurbanmämmedowa çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar daşary ýurt dillerini okatmagyň täze usullary we öňdebaryjy tejribeleri barada giňişleýin pikir alyşdylar. Maslahat örän gyzykly we täsirli geçdi. Daşary ýurt dillerini dürli ýaşdakylara öwretmegiň tärleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Dil sapaklarynda dürli oýunlaryň, sahnalaryň, ara alyp maslahatlaşmalaryň, çekişmeleriň guralyşy, aýdymlaryň, goşgularyň, wideofilmleriň, kompýuterleriň, internet ulgamynyň, görkezme esbaplaryň we tehniki serişdeleriň ulanylyşy barada mugallymlar tejribe alyşdylar.
Häzirki wagtda, daşary ýurt dillerini bilmezden, kämil derejeli hünärmen bolup ýetişmek mümkin hem däl. Çünki üçünji müňýyllyk adamzat taryhynda ylym-bilimiň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede toplumlaýyn we sazlaşykly ösdürilýär. Bilim ulgamyndaky özgertmeleriň oňyn netijeleri ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşlerinde, halkymyzyň intellektual derejesiniň artmagynda has-da aýdyň görünýär.
Ýaş nesliň ýörite bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri, şol sanda dil öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Güljahan GARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.