Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Daşary syýasy ugruň parahatçylyk filosofiýasy
    Daşary syýasy ugruň parahatçylyk filosofiýasy surady
    22/02/2022

    872

    Daşary syýasy ugruň parahatçylyk filosofiýasy

    2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky ählumumy başlangyjynyň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hem-de birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly onlaýn arkaly maslahat geçirildi.
    Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy G.Magtymgulyýewa we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy bölüminiň müdiri K.Amanmyradow çykyş etdiler.
    Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofik, halkara başlangyjynyň parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanan asuda dünýäni döretmekdäki ähmiýeti, halkara giňişliginde Türkmenistanyň alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişi dogrusynda aýdyldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeläp, umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek babatda işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýär.
    Şeýle-de maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym ýaly ugurlardaky garaýyşlar bilen birlikde ýurdumyzy geljekde gülledip ösdürmek boýunça gymmatly teklipleri öňe sürýän “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň neşir edilmeginiň möhüm ähmiýetli waka bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we milli Liderimize dünýäde asudalygy gazanmak ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

    AÝBÖLEK KAKABAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI