1672
Daňatar Hydyrowyň döreden sazlary belentden ýaňlandy
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, şowhunly konsert guraldy. Onda Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary, paýtagtymyzdaky teatrlaryň artistleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem kompozitoryň maşgala agzalary, dost-ýarlary sazly drama teatrynyň zalyny doldurdylar. Ajaýyp aýdymlar Haýdar Eminowyň çeper ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Döwlet hory, Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň çeper ýolbaşçyk edýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri, şeýle-de dirižýorlar Döwletmyrat Ökdirow, Perman Miriýew bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Şowhunly konsert ýaş zehinli aýdymçylar Dünýägözel Begaliýewanyň, Röwşen Baýramowyň, Begenç Gaýybowyň, Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Akmyrat Rejepowyň sözlerine döredilen «Türkmenistan Garaşsyz» aýdymy bilen açyldy. Şeýle-de sahnada Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak bölüminiň professory Atageldi Garýagdyýew Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döreden birnäçe ajaýyp aýdymlaryny aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Laçyn Hudaýberdiýewa, Hezretguly Guldurdyýew ussat şahyrlar Annaberdi Agabaýewiň, Baba Saryýewiň, Durdy Gurbanowyň sözlerine döreden ajaýyp aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.