07/05/2024
753
ÇAGRY BEG
Seljuklar Horasanyň halkyny bir ýyllap salgytlardan boşadypdyrlar (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 25 s.). Çagry we Togrul begiň ady bilen yslam dünýäsinde Seljuk döwri başlandy (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun) boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 79 s.). Gurultaýda Çagry begiň goşuny bilen Balh we Toharystan etraplaryny hem-de elden giderilen beýleki etraplary eýelemelidigi karar alnypdyr. Seljuklaryň gurultaýda alan kararlary olaryň indi gaznalylardan çekinmeýändiklerini, syýasy güýç hökmünde dessine täze ýerleri eýelemäge girişendiklerini aňladýar (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 89-90 s.).
Daňdanakan söweşinden, takmynan, bir aý geçensoň (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 1, 25 s.) seljuk begleri Merwde uly gurultaýa ýygnanypdyrlar. Taryhçy Faruk Sümeriň nygtaýşy ýaly: «Seljuklaryň geçiren gurultaýlarynda edilen gürrüňler öz akylly pikirleri, batyrgaýlygy, güýç-kuwwaty bilen seljuklary kimiň ugrukdyrandygyny, jahana häkim bolmak maksadynyň döremeginde kimiň baş roly oýnajakdygyny aýdyň görkezýär. Bu beýik ynsan Dawut Çagry begdir. Seljuk neberesiniň diregi we döwlet gurluşygynyň iň möhüm sütüni oldur» (Faruk Sümer. Oguzlar, türkmenler. – Aşgabat, 1999. – 107 s.).
Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» kitabynda nygtaýşy ýaly, «1040-njy ýylda Beýik Seljuk türkmenleriniň döwleti berkarar edileninden soňra, ol iki bölekden ybarat bolup, jübüt hökümdarlyk şekilinde ýöredilipdir. Gündogar bölegi Çagry beg Türkmen hem-de onuň ogly Alp Arslan Türkmen tarapyndan edara edilipdir. Togrul beg Türkmen bolsa günbatary öz edarasy astynda saklap, bütin döwletiň soltanlyk işlerini amala aşyrypdyr. Seljuklaryň iki başly bürgüt şekilindäki tugrasy hem döwletiň iki bölekden – gündogar we günbatar bölekden ybaratdygyny beýan edipdir. Soltanlar türkmen döwletini agzybirlikde dolandyrypdyrlar» (Berdimuhamedow G. Mertler Watany beýgeldýär. – Aşgabat, TDNG. 2017. – 261-263 s.). Bu gadymy türki döwlet dolandyryş däplerinden gözbaş alýan dessura jübüt hökümdarlyk ýa-da binar düzgüni diýlipdir (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.80, 246.; Агаджанов С.Г. Очерки истории огузов и туркмен Средней Азии IX–XIII вв. – Аш., 1969. – С.102-106.). Oguz töresine laýyklykda, seljuklaryň iki başly bürgüt şekilindäki tugrasy hem döwletiň iki bölekden – günbatar we gündogar bölekden ybaratdygyny beýan edipdir. Togrul we Çagry bege tuglarynda bürgüdiň şekilini goýmagy maslahat beren Abu Seýit Abyl Haýyr Mäne babadyr. Iki kelleli bürgüt seljuklaryň dünýäniň iki bölegine (gündogara we günbatara) hökümdar bolandygyny alamatlandyrypdyr. Bagdat halyfy Kaýym Biemrillahyň Togrul bege «Soltan Magryb we’l Maşryk» («Günbataryň we Gündogaryň soltany») diýen hormatly ady bermegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ikinji tarapdan, bu seljuklaryň musulman dünýäsinde harby-syýasy we dünýewi häkimlige eýe bolandygynyň alamatydy (Salim Koсa. İlk müslüman türk devletlerinde teşkilat // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 476 s.).
Çagry beg ökde harby serkerde bolupdyr. Takmynan, 1016 – 1021-nji ýyllar aralygynda ýanyna ýigitlerini alyp, Wan kölüniň sebitlerine çenli ýerlere barlag ýörişlerini gurapdyr. Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana gelen Çagry beg bu ülkä ozal gelen oguzlary öz güýjüne gatyp, has-da kuwwatlanýar. Wan kölüniň etrabyndan Anadola giren seljuk begi Ani, Waspurakan korollygy, Şeddadogullary, Gürji korollygy ýaly döwletleriň garşysyna akgynlary gurapdyr. Ani ermeni şalygyny eýeläp bilmän, yzyna dolanypdyr. Yzyna dolananda, gaznalylara garşy seresapsyzlygy elden bermän, birnäçe toparlara bölünip, özleri-de täjir eşiginde Mawerannahra dolanmagy başarypdyr (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun) boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 68 s.). Seljuklar otlagly-suwlagly bu ýerleriň özleri üçin amatly mekan bolup biljegine magat göz ýetiripdirler.
Çagry beg 1021-nji ýylda Togrul bege Garahanly we Gaznaly döwletleriniň garşysynda durmagyň kyn boljakdygyny, şol sebäpli Horasana, Azerbaýjana, gündogar Anadola gidip, hökümdar bolmagy maslahat beripdir (Ali Sevim. Anadolu’nun fethi. Selçuklular dönemi (Başlangiçtan 1086’ya kadar). – Ankara, 1987. – 21 s.). Muny Abul Faraj hem öz kitabynda tassyklaýar: «...Çagry beg «Ozal baryp gören ýerlerim Horasana we Ermenistana gidip bileris. Çünki ol ýerlerde bize garşy durup biljek güýç ýokdur» diýdi. Şundan soň Togrul beg ikisi Jeýhundan geçdiler hem-de Damgany soňra eýelediler» (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 40-41 s.).
I.Kafesoglunyň pikiriçe, Çagry begiň Kiçi Aziýa we Kawkaza ýörişiniň maksady Mawerennahrda kynçylykly ýagdaýda bolan seljuklaryň göçüp barjak ýurduny kesgitlemek maksady bilen amala aşyrylan aňtaw ýörişidi. Onuň pikiriçe, şeýle tejribe orta asyrlarda çarwa taýpalarda ozaldan hem ulanylyp, olar baryljak ýurduň howa şertlerini, baýlyklaryny, ilatyny öňünden gowy öwrenipdirler. M.A.Köýmen I.Kafesoglunyň bu pikiri bilen ylalaşman, seljuklaryň baýlyk toplamak höwesi bilen ýöriş gurandygyny ýazýar (Агаджанов С.Г., Юзбашян К.Н. К истории набегов на Армению в XI в. // Палестинский сборник. Вып.13 (76). Памятники писменности и литературы Ближнего Востока. – М.: Наука., 1965. – С.146.). Emma biz bu babatda I.Kafesoglu bilen pikirdeş.
Şeýlelikde, Anadola aralaşan, ermeni çeşmelerinde «myzrak, ok-ýaý bilen ýaraglanan, bili kemerli, aýallaryňky ýaly uzyn örüm saçly (Hut hytaý çeşmeleri türkleri uzyn örüm saçly görnüşde häsiýetlendirýär. — Divitçioğlu S. Orta Asya Türk İmparatorluğu. (VI – VIII yüzyıllar). – Ankara, 2005. – 185 s.), şemal ýaly uçýan atlara atlanan türkleriň sil ýaly ýagdyrýan oklarynyň» garşysynda wizantiýa serkerdesi Senakerimiň kuwwatlary ejiz gelipdir. Netijede, Wan kölüniň etraplary türkleriň gözegçiligi astyna geçipdir. Bu aýgytly ýeňişden soň Çagry beg demirgazyga – Nahiçewan etraplaryna, gürjüleriň ýurduna akgynlara başlapdyr. Gürji serkerdesi Liparidiň söweşe bogny ysmansoň, seljuklar bu ýerlere häkim bolmakda kän bir kynçylyk çekmändirler. Soňra Dwiniň günortasyndaky Nik etrabyny eýeläpdir. Görnüşi ýaly, Çagry begiň bu barlag ýörişi seljuk-ermeni gatnaşyklarynyň ilkinji başlangyjydy (Ali Sevim. Anadolu’nun fethi. Selçuklular dönemi (Başlangiçtan 1086’ya kadar). – Ankara, 1987. – 20 s.; Ali Sevim. Genel çizgileriyle selçuklu-ermeni ilişkileri. – Ankara, 1983. – 8-12 s.).
Ermeniler we gürjüler bilen ilkinji çaknyşyklaryndan soň Çagry beg Tus häkimi Arslan Jazibiň howpuna garamazdan, Horasandan sag-aman geçip, Buhara barmagy başarypdyr. Gizlinligi berjaý etmek üçin Çagry beg Kawkazdan yza dolananda güýçlerini böleklere bölüp, olara täjir eşigini geýdiripdir (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 32 s.).
Seljuklaryň Anadola ilkinji barlag ýörişiniň ähmiýeti şulardan ybaratdyr:
1) Barlag ýörişiniň üstünlikli geçmegi Çagry begiň başarjaň strateg we taktik hökmündäki harby-syýasy başarnygynyň netijesidir.
2) Barlag ýörişiniň netijesinde seljuklar içinden geçip giden Horasan, Azerbaýjan, Gündogar Anadoly we Kawkaz ýurtlarynyň syýasy, sosial, harby, ykdysady, tebigy-howa şertlerini içgin öwrenip, aýratyn hem, Anadolynyň özlerine täze ýurt tutunmak üçin amatlydygyna göz ýetiripdirler. Çagry beg bu ülkede seljuklara garşy durup biljek harby güýjüň ýokdugyny ynamly aýdypdyr. Gazanylan, öwrenilen tejribe Anadola indiki ýörişlerde ulanmak üçin binýat bolup hyzmat edipdir.
3) Ýörişde gazanylan olja-ganymatlar seljuklaryň ýaramazlaşan ykdysady ýagdaýyny gowulaşdyran bolsa, olary sapara ýollap, Mawerannahryň gyrak-bujagynda galan seljuklar (1016-1021) çöl şertlerinde kynçylyk çekipdirler.
4) Barlag ýörişi oguz beglerinde özlerine bolan ynamy berkidipdir, indiki sapara çykmaga höweslendiripdir.
5) Oguz begleriniň üstünligi türki dünýäde duýlup, olaryň üstüne beýleki türki kowumlar hem gelip goşulypdyr (S.Koca. Sir Derya (Ceyhun) boylarından Anadolu’ya: Oğuzlar (Türkmenler) // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 68-69 s.).
Mawerannahra dolanan Çagry beg inisi Togrul bilen güýçlerini birleşdiripdir. Özleriniň güýjüne ynamy artan seljuklar indi sebitde arkaýyn hereket etmäge başlapdyrlar. Töwerekdäki hökümdarlaryň ünsüni çekmezlik üçin Arslan han Çagry we Togrul bege wagtlaýynça güýçlerini dargatmagy buýrupdyr. Horasana geçmek arzuwy bilen ýaşaýan doganlar agasynyň talabyny ýerine ýetirip, amatly pursada garaşypdyrlar.
1030-njy ýylda seljuk ýygynlary Wizantiýanyň gündogar femlerine (ýagny Günorta-Günbatar Kawkazdaky mülklerine) baryp ýetipdirler. Şol ýörişe Dawut Çagry beg ýolbaşçylyk edipdir. Ýörişden dolanyp baransoň, ol Togrul bege Günorta Kawkazda ornaşmagy maslahat beripdir. Ol bu ýerde seljuklara garşylyk görkezjek güýjüň ýokdugyny aýdypdyr (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.61; Гусейнов Р.А. Из истории отношений Византии с сельджуками (по сирийским источникам) // Палестинский сборник, вып. 23 (86). – Ленинград. – 1971. – С.157-158.).
Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 6.05.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/147337
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI