Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    31/05/2024

    1352

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

    Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň ähli döwletlerinde, şeýle hem Türkmenistan Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde körpe nesillerimiz üçin baýramçylyk dabaralary, medeni köpçülikleýin çäreleri giň gerime eýe bolýar.
    2024-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň geçirmeginde Çagalary goramagyň halkara gününi wagyz-nesihat etmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Enejan Ataýewanyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa institutymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Çykyş edenler çagalaryň hukuklaryny goramak babatynda Türkmenistanyň goşulan köp sanly halkara resminamalarynyň, şol sanda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň hökmany şerti bolup durýandygyny bellediler. Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyza laýyklykda, hakyky demokratik jemgyýete mahsus bolan çagalaryň hukuklarynyň goraglylygy barada Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Bilim hakynda”, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda”, “Ýaşlary zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda” we beýleki kanunlarynda öz beýanyny tapýandygyny mälim etdi.
    Çagalaryň durmuşa bolan hukugy, doly ösmäge bolan hukugy, zyýanly täsirlerden goranmaga bolan hukugy, özlerine geleňsizlik bilen garalmagyndan hem-de özleriniň zähmetini peýdalanmakdan goranmak hukugy we maşgala, medeni hem-de ýaşaýyş-durmuş işlerine hemmetaraplaýyn gatnaşmak hukugy ýaly çagalaryň esasy hukuklarynyň göz öňünde tutulýandygy dogrusynda aýdyldy.
    Ýatlap geçsek, Türkmenistan 1994-nji ýylda Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklady. Şol günden bäri hem ýurdumyz ÝUNISEF-iň saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy we çagalary goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ulgamda çagalaryň durmuşynda oňyn özgertmelere ýetmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar.
    Okuw sapagynyň ahyrynda Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi üçin gije-gündiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

    Muhammet GYLYJOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI