30/11/-0001
549
Bütindünýä Ýeriň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Bütindünýä Ýeriň güni mynasybetli okuw maslahaty onlaýn arkaly geçirildi. Bu duşuşyga ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary we Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri bäsleşiginiň ýeňijileri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň ilata ýetirýän täsiri barada mekdep okuwçylarynyň habarlylygyny ýokarlandyrmakdyr.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlara aýratyn orun degişlidigi, olaryň ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmekleriniň wajyplygy, şol sanda arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüzlenmäge giň mümkinçilikler aldylar.
Jahangir POLATBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.