Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • Ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ясмин Гуэдар в гостях у экспертов Центра стратегических исследований ИМО МИД Туркменистана
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Bütindünýä şygryýet güni
    Bütindünýä şygryýet güni surady
    20/03/2026

    313

    Bütindünýä şygryýet güni

    Şygryýet ynsan kalbynyň iň tämiz duýgularynyň, pähim-paýhasynyň we gözelliginiň sözdäki beýanydyr. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öçmejek yz goşan söz ussatlaryny sarpalamak, poeziýanyň adamzat durmuşyndaky ornuny bellemek maksady bilen her ýylyň 21-nji martynda Bütindünýä şygryýet güni bellenilip geçilýär.
    Bu halkara gününi bellemek baradaky karar ÝUNESKO-nyň 1999-njy ýylda Parižde geçirilen 30-njy Baş konferensiýasynda kabul edildi. Bu başlangyç dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň dil dürlüligini gorap saklamaga, şygryýet arkaly medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. ÝUNESKO-nyň resminamalaryna görä, bu baýramyň döredilmeginiň esasy sebäpleriniň biri dilden-dile geçip gelýän edebi mirasy durnukly etmek we poeziýanyň nusgawy keşbini dikeltmekdir. Şeýle hem bu sene arkaly ýaş zehinleri ýüze çykarmak, neşirýatlaryň şygryýet bölümlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we poeziýany teatr, saz ýaly beýleki sungat görnüşleri bilen sazlaşykda ösdürmek göz öňünde tutulýar. Ilkinji gezek bu sene 2000-nji ýylyň 21-nji martynda dabaraly ýagdaýda bellenildi.
    Häzirki wagtda dünýäniň onlarça döwletinde bu gün mynasybetli dürli edebi agşamlar, çeper okaýyş bäsleşikleri we ylmy maslahatlar guralýar. Pariždäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan başlap, dünýäniň iri kitaphanalaryna çenli bu gün “Söz sungatynyň baýramy” hökmünde giňden bellenilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri meşhur şahyrlaryň ömri we döredijiligi barada ýörite gepleşikleri taýýarlaýarlar.
    Biziň ýurdumyzda poeziýa milli gymmatlygyň we ruhy bitewiligiň sütünidir. Türkmenistanda Bütindünýä şygryýet gününiň bahar paslynyň hem-de Halkara Nowruz gününiň bellenilýän günlerine gabat gelmegi aýratyn simwoliki ähmiýete eýedir. Sebäbi bahar pasly ylhamyň, täze durmuşyň we döredijiligiň paslydyr.

    Aýsona AMANJAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI surady

    08/05/2026

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni surady

    02/05/2026

    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni
    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI surady

    23/04/2026

    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI