Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN BRIFING
    BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN BRIFING surady
    30/11/-0001

    731

    BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN BRIFING

    2022-nji ýylyň aprel aýynyň 6-syna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitler bilen bagly brifing geçirildi. Oňa BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Maslahatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky Ýerine ýetiriji wekili Aýna Seýitliýewa, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandru Nartea, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri Maral Güjikowa, Ogulmähri Geldiýewa hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Leýli Öwezberdiýewa çykyş etdi. Agzalan guramalar bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy, ýurtda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, öňde duran wezipeler, ekologik abadançylygyň saglyga täsiri, «Bitewi saglyk» düşünjesi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan işler çykyşlaryň özenini düzdi.
    Soňra maslahat öz işini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde dowam etdi.
    Bölümçeler arkaly dowam eden brifingde Saglyk konsepsiýasynyň çäginde tebigaty gorap saklamagyň adamlaryň hereketine baglydygy, onuň hem öz gezeginde adamyň saglygyna gönüden-göni täsir edýändigi barada aýdylanlar has-da täsirliligi bilen tapawutlandy.
    Aýgözel ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň aspiranty.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI