12/02/2022
631
Bütindünýä radio gününe bagyşlanan duşuşyk
2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda her ýylyň 13-nji fewralynda bellenilip geçilýän «Bütindünýä radio güni» mynasybetli Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň radioýaýlymlarynyň düzüminde zähmet çekýän halypalar gatnaşdylar.
Institutyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň iş meýilnamasyna laýyklykda geçirilen bu döredijilik duşuşygynda ýurdumyzyň radioýaýlymlarynda ençeme ýyllardan bäri zähmet çekýän halypa işgärler ýagny, alypbaryjy Aýgül Annanurowa, diktor Aknabat Alyýewa, «Çar tarapdan» radioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Mähri Halnepesowa dagy geçen döredijilik zähmet ýollary dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler.
Bir söz bilen aýdylanda, duşuşyk gyzykly geçdi. Bu duşuşyk geljekki zähmet ýoluny radioýaýlymlarda dowam etdirmäge isleg bildirýän talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Duşuşyga gatnaşanlar hormatly Prezidentimize ýaşlaryň dünýä derejesinde okap, bilim almagy ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bägül KAKALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
Syýasy kommunikasiýa we internet
žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.