937
«Bitaraplyk boýunça dialog» atly leksiýa
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «ÝÝHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly sebitleýin çärä gatnaşýan ylmy wekilleriň gatnaşmagynda «Bitaraplyk boýunça dialog» atly leksiýa geçirildi. Bu çäre Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Leksiýanyň dowamynda ÝHHG-niň ylmy wekilleri ýagny, Ýewropanyň belli halkara işgärleri we Awstriýanyň hem-de Şweýsariýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professorlary Bitaraplyk boýunça dürli temalar boýunça çykyş etdiler. Şeýle-de bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy wekilleridir talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden
okap bilersiňiz: