Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / “Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy” atly okuw-paýhas bäsleşigi geçirildi
    “Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy” atly okuw-paýhas bäsleşigi geçirildi surady
    10/06/2024

    1567

    “Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy” atly okuw-paýhas bäsleşigi geçirildi

    2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy” atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň geçiren bu bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary gatnaşdylar.
    Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işiniň gidişi, onda kabul edilýän maksatnamalar, BMG-niň düzümindäki ýolbaşçylaryň hem-de işgärleriň wezipeleri we jogapkärçiligi, ylalaşyklaryň gazanylyşy baradaky giňişleýin düşünjeleri bermek, şeýle-de ýaşlaryň dil bilimini hem-de dilewarlygyny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Bäsleşigiň düzgünleri boýunça talyplar BMG-niň düzüminde ýerleşýän Energetika howpsuzlygy we Halkara parahatçylygy komitetlerine bölündiler. Bu akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşan talyplaryň hersi Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Doly ygtyýarly wekili hökmünde şol döwletleriň milli bähbitlerini gorap çykyş etdiler. Bäsleşigiň dowamynda halkara gatnaşyklaryndaky meseleler barada pikir alşylyp, teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Çykyşlar esasynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Suraý Öwliýagulyýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde taýýarlanylan talyplar topary üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň jemleri boýunça talyplaryň taýýarlan ýörite Kararnamasy, beýleki gatnaşyjylaryň biragyzdan ses bermegi bilen kabul edildi. Şeýle hem, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Rejep Rejepow “Köpçüligiň saýlawy” atly kuboga, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyplary — Döwletýar Arçamyradow “Iň gowy wekil” atly kuboga, Kerim Baýmyradow “Iň gowy dilewar” diýen ada eýe boldular we hormat hatlary bilen sylaglandylar. 

    Döwletýar ARÇAMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI