Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» atly akyl-paýhas bäsleşigi
    «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» atly akyl-paýhas bäsleşigi surady
    30/11/-0001

    784

    «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» atly akyl-paýhas bäsleşigi

    2022-nji ýylyň 3-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikde geçiren bu bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
    Bäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, talyp ýaşlara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň işiniň gidişi, onda kabul edilýän maksatnamalar, BMG-niň düzümindäki ýolbaşçylaryň hem-de işgärleriniň wezipeleri we jogapkärçiligi, ylalaşyklaryň gazanylyşy baradaky düşünjeleri giňişleýin bermek, şeýle-de ýaşlaryň dil bilimini hem-de dilewarlygyny ösdürmekden ybarat bolup durýar.
    «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň açylyş dabarasyna ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili A.Nartea gatnaşyp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada çykyş etdi. Bu akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşan talyplaryň hersi Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Doly ygtyýarly wekili hökmünde şol döwletleriň milli bähbitlerini gorap çykyş etdiler. Bäsleşigiň dowamynda halkara gatnaşyklaryndaky meseleler barada pikir alşylyp, teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlar esasynda ýörite Kararnama kabul edilip, akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşan ähli talyplara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

    Arslan SYÝAHATOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI