Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly
    28/10/2024

    1194

    Bilim ulgamyny ösdürmek ― döwrüň aýdyň ýoly

    2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Oňa käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilim işgärleri, professor-mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýip, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek teklip edildi. Şeýle hem Milli Liderimiz ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeleriň biridigini kesgitläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine dürli ugurlar bilen bir hatarda, 2026 — 2052-nji ýyllarda ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny hödürlemegi teklip etdi. Şonuň ýaly-da, Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Bu möhüm resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bolsa göz öňünde tutulýan anyk işler görkezilendir.
    Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçirilen iş maslahatynda çykyş eden wekiller ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremeginiň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýändigini nygtamak bilen, bu babatda pikir-garaýyşlaryny, anyk teklipleri beýan etdiler. Şunda täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy buýsançly bellenildi.
    Iş maslahatynda gelip gowşan teklipler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmak bilen, kabul edilen giň gerimli maksatnamalary, Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda tutanýerli tagallalaryň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Çünki Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň esasy wezipämiz halkymyzyň egsilmez güýjüni ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirmekden ybaratdyr. Iş maslahatyna gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI