Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / BILIM ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE ÄDIMI
    BILIM ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE ÄDIMI
    BILIM ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE ÄDIMI
    03/09/2025

    1509

    BILIM ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE ÄDIMI

    Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen hytaý tarapynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

    Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

    Bu Ähtnama gol çekilmegi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşar.

    Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäginde geljekde okuw seminarlaryny guramak, ylmy-amaly maslahatlary we barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler. Bu Resminama gol çekilmegi iki dostlukly ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirer.

    Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.


    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GANDBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI UGRUNDA ÝARYŞ GEÇIRILÝÄR surady

    10/06/2026

    GANDBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGI UGRUNDA ÝARYŞ GEÇIRILÝÄR
    Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi surady

    10/06/2026

    Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
    TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADYNYŇ ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY surady

    09/06/2026

    TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADYNYŇ ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI