Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady
    11/10/2023

    1157

    BILERMENLERIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

    2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Adwakatura edaralarynyň hereket etmegi barada halkara maslahata gatnaşýan Ýewropa Geňeşiniň bilermenleri tarapyndan hukuk hünäri boýunça okaýan talyplar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda Ýewropa Geňeşiniň Adam hukuklary boýunça bölüm müdiri Sergeý Dikman, Ýewropa Geňeşiniň hukukçy geňeşçisi Ewa Massa, Ýewropa Geňeşiniň Adam hukuklary boýunça utgaşdyryjy müdiri Kristina Hahlowa çykyş etdiler. Onda Ýewropa Geňeşi we onuň hukuk düzgünleriniň kämilleşişi barada talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berildi.
    Maslahatda bellenilişi ýaly, Ýewropa Geňeşi bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa Geňeşi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistany mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen ýörite taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ählumumy gün tertibiniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymatlaryny hem-de gymmatlyklaryny berkarar etmek meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýändigine aýratyn üns çekildi.
    Biziň Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz adam hukuklaryny we bähbitlerini goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etmek bilen hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär.

    Bibimerýem SÖÝÜNGULYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI