686
Bilelikde geçen wagyz-nesihat duşuşygy
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, “Döwlet gullukçysy” hakyndaky, “Korrupsiýa” hakyndaky Kanunlar, ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada bilen sürüjiniň arasyndaky sazlaşykly hereket, häzirki wagtda döwrüň möhüm meselesi bolan ýiti respirator ýokanjyna garşy göreşmek boýunça geçirilýän işler hem-de keselden goranmak üçin berk berjaý edilmeli kadalar hakynda birin-birin durup geçdiler. Şeýle-de myhmanlar Milli Liderimiziň adam hakyndaky aladasynyň çäksizdigi barada nygtamak bilen, ýurdumyzyň ýol hereketinde ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin maglumat berdiler we düşündirdiler.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.