Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • “GENDER DEŇLIGI – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI” ATLY BRIFING GEÇIRILDI
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • ЦА-Китай: Астанинский консенсус задает вектор новой эре медиадипломатии
        • Аналитики Туркменистана и Индии наводят мосты дружбы и взаимодействия
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • Sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlyk barha giňeýär
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Beýik başlangyçlar – netijeli hyzmatdaşlyk
    Beýik başlangyçlar – netijeli hyzmatdaşlyk surady
    29/08/2024

    1196

    Beýik başlangyçlar – netijeli hyzmatdaşlyk

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanygynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda ylym, bilim ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilip, bu babatda daşary ýurt döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
    Geljekki türkmen diplomatlary, halkaraçy hünärmenleri kemala getirýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem bu günki günde dünýäniň ençeme diplomatik akademiýalary, halkara gatnaşyklaryna ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Aýratyn-da, goňşy döwletimiz bolan Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän Syýasy we halkara barlaglar instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy ikitaraplaýyn tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Muňa mysal edip, 2019-njy ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary jenap Bahram Taheri bilen duşuşdy.
    Duşuşygyň esasy maksady iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat bolup, oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
    2021-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, iki ýurduň diplomatlarynyň gatnaşmagynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ähmiýetine bagyşlanan “tegelek stol” maslahatynyň geçirilmegi iki goňşy döwletiň geljekki halkaraçy hünärmenleri ýetişdirmekdäki hyzmatdaşlygy has hem ileretmäge mümkinçilik döretdi. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geljekki halkaraçy hünärmenler üçin ikinji daşary ýurt dili hökmünde pars diliniň hem içgin öwredilmegi, hyzmatdaşlyk alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň dilini, medeniýetini öwrenmäge itergi berýär.
    Şeýle-de şu ýylyň 22-25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnamagynda Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň ýygyndy topary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

    Şasenem MEÝLISOWA,
    Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek! surady

    28/06/2025

    Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek!
    Medeniýet- halkyň ruhy baýlygy surady

    27/06/2025

    Medeniýet- halkyň ruhy baýlygy
    Туркменистан–Россия: углублённое стратегическое партнёрство surady

    27/06/2025

    Туркменистан–Россия: углублённое стратегическое партнёрство
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI