30/11/-0001
597
"Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri" atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi
2022-nji ýylyň 4-nji maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi binasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilen bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Ikinji şerte laýyklykda, gatnaşyjylar aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň üçünji şertine laýyklykda, bäsdeş ýigitler şorta sözlerdir gülküli sahnalary şowly ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Emin agzalaryň netijelerine görä, bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Hojadurdy Hojadurdyýew, 1-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby Döwran Orazmuhammedow mynasyp boldy. Şeýle hem 2-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Süleýman Kowusow bilen S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 3-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Bäşimow eýeledi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Ýagşymyrat Annadurdyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Sanjar Joýtyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Gurbannyýaz Akmyradow dagy bolsa öz aralarynda 3-nji orna mynasyp boldular. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Muhammet Abdylweliýew hem gatnaşyp höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
Oraztäç ÇAPAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.