317
BAŞ BAÝRAMA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
2025-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň guramagynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Türkmen halysynyň milli muzeýine talyp gyzlar gezelenje aýlandy. Gezelenjiň dowamynda talyplar türkmen zenanlarynyň yhlasyndan syzylyp çykan deňsiz-taýsyz, gadymy türkmen halylarynyň dokalyş taryhy, milli nagyşlaryň döreýşi, haly gölleriniň tapawutly aýratynlyklary barada täsin maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu muzeýde özüniň nepisligi, dokalyş aýratynlygy, döreýiş taryhy boýunça tapawutlanýan müňlerçe haly eksponatlar ýerleşdirilipdir.
Türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, öz milliligimize bolan söýgini ösdürmekde we geljekki nesillerimize ýetirmekde şeýle gezelençleriň ähmiýeti örän uludyr.
Güljan SERDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.