1412
Baýramçylyk ruhunyň şowhuny
2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) ýaryşy boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem-de atçylyk sportunyň muşdaklary gatnaşdylar. Bäsleşikde ezber türgenleriň erk etmeginde 14 sany at çykyş etdi. Üç tapgyrdan ybarat bolan bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, Toýçy atly at bilen Serdar Garaýew I orna, Altynhan atly at bilen Yhlas Çopanow II orna, Terbaş atly at bilen Annadurdy Ballyýew III orna mynasyp boldular. Ýeňişe mynasyp bolan türkmen ahalteke bedewleri özleriniň ýyndamlylygy, çydamlygy, wepadarlygy, düşbüligi, ünsliligi, başarjaňlygy, owadanlygy bilen tapawutlanyp, baýramçylyk ruhunda çykyş etdiler.
Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutyň
Halkara žurnalistikasy I ýyl talyby.