30/11/-0001
698
“ATDA WEPA-DA BAR, SAPA-DA”
Mälim bolşy ýaly, şu günler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Baýramçylyk çäreleriniň çäginde behişdi bedewlerimize bagyşlanyp, ýörite sergiler gurnalýar. Şeýle sergileriň biri-de 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan «Ahalteke bedewleriniň şekilini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça» dürli eserleriň sergisidir. Şol sergä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem gatnaşyp, at-owazasy dünýä dolan türkmeniň behişdi bedewleriniň heýkelleri, suratlary, halyň ýüzüne nepislik bilen dokalan şekilleri bilen tanyşdylar.
Senemgül ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.