Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açyldy
    Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açyldy
    Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açyldy
    Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açyldy
    Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açyldy
    Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açyldy
    25/06/2023

    1270

    Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi açyldy

    2023-nji ýylyň 24-nji iýunynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri, TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli 24 — 29-njy iýun aralygynda Aşgabatda geçirilýän Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly goşant goşar. Munuň özi Türkmenistanyň netijeli halkara gatnaşyklary ilerletmekde medeni diplomatiýa uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Halkara çäräniň ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşykly guralmagynda özboluşly many-mazmun bolup, onuň açylyş dabarasy aýratyn ýatda galyjy boldy. Ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýewiň çykyşynda hem Aşgabatda bu medeni çäräniň guralmagynyň Bitarap Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny, doganlyk we raýdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýandygy nygtaldy. Halkara çäräniň açylyş dabarasy türki döwletleriň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet tans toparynyň ýerine ýetiren «Azerbaýjan tansy», Gyrgyz Respublikasynyň sungat ussatlarynyň «Manas» dessanyndan aýdan parçalary, çalan sazlary köpleriň ünsüni özüne çekdi. «Türk dünýäsiniň hazynasyndan» ady bilen türkmen, özbek, azerbaýjan, gazak halk aýdymlaryndan bölekleriň ýerine ýetirilmegi, şonuň bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň «Saltanat» Döwlet tans toparynyň «Baýramçylyk tansy», Türkiýe Respublikasyndan Jem Gürdalyň we tansçylar toparynyň «Garadeňiz aýdymy», Özbegistan Respublikasynyň «Nowruz» tans toparynyň «Surnaý lezgisi» tansy dabara gatnaşyjylaryň uzak wagtlap ýatlarynda galsa gerek. «Dehistan» hem-de türki döwletleriň folklor-tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly «Küştdepdi» aýdymy aýratyn ýatda galyjy boldy. Dabaraly konsert oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» diýen aýdym bilen jemlendi. Munuň özi ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlygyň barha berkeýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşany boldy. Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy uly we baý çäreleri öz içine alýar. Hepdelik üstünlikli dowam edýär.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI