10/10/2024
530
Aşgabatda bilim ulgamyna degişli resminamalara gol çekildi
2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi bilen ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşan ýokary okuw mekdepleriň wekilleri döwletleriň Baştutanlarynyň alyp barýan dost-doganlyk we özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini bellediler, şeýle-de Türkmenistan bilen durmuş-ykdysady ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda degişli işleri alyp barjakdyklaryny nygtadylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Çünki dünýä ýurtlary bilen ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy pugtalanadyrmak hem-de giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Dabaranyň dowamynda aşakdaky resminamalara gol çekildi:
— Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Rumyniýa Döwletiniň Alba Ýuliýa şäherindäki «1 Desembrie 1918» uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Belarus Respublikasynyň «Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
— Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
— Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk.
Dabara gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri döwlet Baştutanlaryna döwletara gatnaşyklarynda, şol sanda ylym-bilim babatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallyklaryny bildirdiler.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler minsitrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.