30/11/-0001
660
“Aşgabat – ylalaşdyryjy we dost-doganlyk merkezi” atly baýramçylyk duşuşygy
2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Aşgabat – ylalaşdyryjy we dost-doganlyk merkezi” atly baýramçylyk duşuşygy gurnaldy. Oňa gurnaýjy edaralardyr guramalaryň wekilleri hem-de institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň suratkeşler we dizaýnerler birleşiginiň agzasy Dursunsolmaz Muhammedowa, Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň hünärmeni Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi Aýbölek Kakabaýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Aşgabat şäheriniň taryhy ösüş ýoly, häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan okgunly syýasatynyň netijesinde ak mermer Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak, Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek babatynda güýçli depginde alnyp barylýan taýýarlyk işleri, türkmen paýtagtynyň sebitde we halkara derejesinde eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berildi.
Şeýle-de döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň işleriniň sergileri gurnaldy hem-de merjen paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Aşgabat şäherimiziň halkara derejesini beýgeltmäge gönükdirilen giň göwrümli, belent maksatly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýbölek KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.