11/02/2026
68
«ARKADAG» WE «AL-NASSR» TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY DÜNÝÄ MEDIASYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem Aziýanyň sport äleminde uly seslenme döreden futbol duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» topary bilen Saud Arabystanynyň dünýä belli «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşyk sport muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. Oýun tamamlanandan soňra, metbugat merkezinde halkara derejesinde uly gyzyklanma döreden metbugat maslahaty (press-konferensiýa) geçirildi. Bu çärä dünýäniň öňdebaryjy sport neşirleriniň wekilleri, metbugat işgärleri, dünýä belli sport žurnalistleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlardan we bu ugurda zähmet çekýän mugallymlardan düzülen media toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda oýnuň tehniki aýratynlyklary we futbolyň ösüşi barada gürrüň edildi. Her iki toparyň hem baş tälimçileri duşuşyk barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň şeýle uly duşuşyklary guramakda tejribesine we myhmansöýerligine ýokary baha berdiler.
«Arkadag» we «Al-Nassr» toparynyň arasyndaky duşuşyk we ondan soňky guralan metbugat maslahaty, türkmen futbolynyň halkara arenadaky ornunyň barha berkeýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Aýnur BAÝJIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.