30/11/-0001
678
“Arkadag şäheri–döwrebap şäher gurluşygynyň belent nusgasy”atly hoşallyk maslahaty
2022-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Arkadag şäheri-döwrebap şäher gurluşygynyň belent nusgasy” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ahal welaýatynda gurulýan täze akylly şähere Arkadag adynyň goýulmagyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahata milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş eden halypa mugallymlar we talyplar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt ähmiýetli daşary we içeri syýasatynyň ýurdumyzda we dünýä ýüzünde barha dabaralanýandygyny nygtap aýtdylar. Olar Ahal welaýatynyň dag eteginde gurulan şähere “Arkadag” adynyň berilmegi watansöýüjiligiň, milliligiň belent nusgasy bolup durýandygyny aýratyn bellediler.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geneşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadygymyzy Täze ýyl baýramy mynasybetli döreden täze “Dowam bolsun!” atly goşgusynyň okalmagy ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Durdynýaz GUWANJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz: