29/05/2023
1398
Aralyk ekin — goşmaça girdeji çeşmesi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar babatda, şol sanda oba hojalygynda hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Arkadagly
Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak, ýer eýeleriniň tejribelerini ýokarlandyrmak, önümçiligiň täzeçil usullaryny ornaşdyrmak arkaly, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça uly işler durmuşa -geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga
ak pata berdi.
Bilşimiz ýaly, türkmen daýhanlary bugdaýy orlan meýdanlarda aralyk ekinleri ekmegiň ussatlary hasaplanýarlar. Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu günki makalamyzda bugdaýy orlan meýdanlarda ýetişdirip boljak aralyk ekinler barada söhbet etmegi makul bildik.
«Aralyk ekinler» diýlip, gowaça, bugdaý ekip, olar ýygnalandan soňra indiki ekişe çenli ýetişdirip bolýan ekinlere aýdylýar. Aralyk ekiniň käbir artykmaçlyklary hem-de çylşyrymly taraplary bar. Artykmaçlygy, indiki ekişe çenli aralykda ony ýetişdirip, goşmaça girdeji alyp bilýäris. Çylşyrymly tarapy, biz islendik ekini aralyk ekin hökmünde ekip bilmeýäris. Aralyk ekini iň ir diýenimizde, iýun aýynyň birinji ýarymynda ekmek mümkin. Sebäbi bugdaýyň samanyny aýryp, ýeri aralyk ekine taýýarlamak üçin belli bir wagt gidýär. Ol wagtda bolsa howanyň temperaturasy 35 gradusdan ýokarda bolýar. Şonuň üçin hem, aralyk ekiniň ilkinji şerti şol yssy howada gögerip biljek ekinleri ekmekdir. Ikinji şert aralyk ekinden soňra haýsy ekiniň (bugdaýyň ýa-da gowaçanyň) ekiljekdigine hem bagly. Çünki ekin dolanyşygy bilen baglylykda, tomusda orlan bugdaýyň ýerine indiki ýyl gowaça ekilýän ýagdaýlaram köp bolýar. Eger-de aralyk ekiniň yzyna ýene-de bugdaý ekmek göz öňünde tutulýan bolsa, gijä galynsa oktýabryň ahyrynda eýýäm ol ýere bugdaý ekip ýetişmeli bolýar. Şunuň bilen baglylykda, aralyk ekin üçin 90-120 gün aralygynda ýetişýän, yssa çydamly, suwy az talap edýän görnüşleri saýlap almak zerur. Bu babatda, esasan hem, suw meselesine aýratyn üns bermek gerek. Sebäbi tomus aýlarynda oba hojalygynda ulanylýan suwuň aglaba bölegini gowaçany suwarmaga sarp etmeli bolýar. Gowaçanyň döwlet ähmiýetli ekindigini hasaba alsak, aralyk ekiniň suwy az talap edýän görnüşlerini ekmek zerurlygy orta çykýar. Çünki Türkmenistan dünýäde özüniň pagtasy bilen meşhur ýurt. Türkmenistan Hytaý, ABŞ, Hindistan, Özbegistan ýaly ýurtlar bilen bir hatarda öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýar. Gowaça bolsa azyndan 3-4 gezek suw talap edýän ekin. Şeýlelikde, suwuň aglaba böleginiň gowaça sarp edilýändigi üçin, aralyk ekin hökmünde mümkingadar az suw talap edýän, yssa çydamly görnüşler ekilse maksadalaýyk
hasaplanylýar.
MÄŞ. Ýadyňyzda bolsa biz öň siziň bilen mäş boýunça şu gazetiň sahypalarynda giňişleýin söhbet edipdik. Biziň pikirimizçe, aralyk ekin hökmünde mäş tüýs diýilýän görnüş. Howa şertleri, ýeri gurplandyrmak, kesele durnuklylyk we suwa zerurlyk babatda başga hiç bir görnüş aralyk ekin hökmünde mäş bilen deňleşip bilmese gerek. Biz mäş baradaky şol makalamyzda onuň köküniň ion görnüşinde azot toplap, ýeri gurplandyrýandygyny, şorlaşmanyň öňüni alýandygyny, onuň samanynyň bolsa mallara ot-iýmlik maksatda ulanylýandygyny, eksport mümkinçiligini hem-de bu babatdaky artykmaçlyklaryny we başga-da birnäçe aýratynlyklaryny jikme-jik düşündiripdik. Mäş häzirki wagtda ýurdumyzda senagat ekini derejesine ýetdi diýmek bolar. Irki döwürlerden bäri ekilip gelinýän bu ekin has giň meýdanlarda köpçülikleýin ýetişdirmek üçin 2019-njy ýylda synag edildi. 2020-nji ýylda Türkmenistanda mäş ekilen meýdanlaryň 10 müň gektara ýetendigi hem bu ugurda türkmen daýhanlarynyň barha kämilleşýändigini görkezýär. Mäş Amyderýanyň kenar ýakalarynda, Daşoguz welaýatynda düme hem ekilýär. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ekilýän suwarymly mäş bolsa, 2-3 gezek suwarmagy talap edýär. Görnüşi ýaly, onuň az suw talap edýändigi aralyk ekin hökmündäki iň uly artykmaçlyklarynyň biridir. Mäşiň hasyllylygy barada aýdanymyzda, ol her gektardan ortaça 800-1000 kilogram töweregi hasyl berýär. Daýhanyň başarnygyna we ekilýän ýeriň möçberine görä, hasyl 1,5-2 tonna çenli ýokarlanyp biler. Bu ugurda awstraliýaly dünýä belli kompaniýalar we hünärmenler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk geljekde ýurdumyzda bu ekiniň hasyllylygynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir eder diýip ynam bildirýäris. Mäşiň eksporty babatda hem Türkmenistanda uly mümkinçilikler bar. Mäşiň eskportynyň ýylsaýyn artýandygy hem sözümize şaýatlyk edýär. Daşarky bazarda mäşiň her tonnasynyň hiline we ululygyna görä, 600-700 amerikan dollardan 1000-1500 dollara barabardyny hasaba alsak, mäşiň ýurdumyza gyzyl pul getirmekdäki mümkinçilikleri aýdyň görünýär. Jemläp aýtsak, aralyk ekin hökmünde giň meýdanlarda mäşiň köpçülikleýin ekilmegi hem ýerleriň, hem ýer eýeleriniň gurplanmagyna oňyn täsir eder.
DARY. Darynyň aralyk ekin hökmündäki artykmaç taraplarynyň biri, ony takyk ekiji enjamlar arkaly ekip, ýurdumyzda bar bolan kombaýnlar arkaly hasylyny ýygnap bolýar. Munuň özi dary ekilen meýdanlarda soňra güýzlük bugdaýyň hem wagtynda ekilmegine şert döredýär. Dary, adatça, 3-4 gezek suwarylýar. Darydan ortaça her gektardan 3 tonna hasyl almak mümkin. Şu ýerde «Içerki bazardaky islegden artyk dary hasyly alnan ýagdaýynda, ony eksport edip bolarmy?» diýen sowal hem ýüze çykyp biler. Bolar. Bize golaý ýurtlardan daryny Owganystana, Eýrana, Yraga hem-de Özbegistana eksport etmek mümkinçiligi bar. Darynyň her tonnasynyň dünýä bazaryndaky bahasy 200-300 amerikan dollaryna barabardyr.
KÜNJI. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda künjini aralyk ekin hökmünde ekmek boýunça 2-3 ýyl bäri synag işlerini geçirip gelýärler. Bilşimiz ýaly, bizde gadymydan bäri ekilip gelinýän künji görnüşi ýaglylygynyň ýokarylygy bilen tapawutlansa-da, onuň kösükleriniň açylyp, wagtynda ýygnalmasa, dökülmäge başlaýandygy, ony kombaýnlar bilen ýygnamak mümkinçiliginiň ýokdugy künjini giň meýdanlarda aralyk ekin hökmünde ýetişdirmekde kynçylyklar döredýärdi. Şol sebäpli-de, türkmen telekeçileri onuň takyk enjamlar arkaly ekip we kombaýnlar arkaly ýygnap bolýan sortunyň tohumyny ABŞ-dan we Hindistandan getirip, şol tohumy ýurdumyzda köpeldip, aralyk möwsümde giň meýdanlarda künji ýetişdirmek boýunça uly öňegidişlik gazandylar. Häzire çenli türkmen telekeçileri şol künji sortunyň her gektaryndan 800 kilogramdan 1 tonna çenli hasyl almagy başardylar. Ylmy çemeleşişiň ýokarlanmagy netijesinde geljekde bu görkezijiniň has-da artjakdygyna ynamymyz uly. Ýöne daşary ýurtdan getirilýän şeýle sortlaryň ýaglylygynyň türkmen künjüsine garanyňda, birneme azdygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Aýratyn bellemeli tarapy, künjini daşary ýurtlara ýokary bahadan eksport etmek mümkinçiligi bar. Dünýä bazarynda künjiniň bir tonnasynyň bahasy ýaglylygyna baglylykda, 1,5-2 müň amerikan dollaryna deňdir. Bu bolsa aralyk ekin hökmünde ondan uly girdeji alyp boljakdygyna şaýatlyk edýär. Künjiniň aralyk ekin hökmünde giň meýdanlarda köpçülikleýin ýetişdirilmegi ýurdumyzda ýag önümçiliginiň artmagyna, şeýle-de konditer önümleri üçin künjä bolan zerurlygyň doly üpjün edilmegine şert döreder. Onuň aralyk ekin hökmündäki ýene bir artykmaçlygy suwy köp talap etmeýänligidir.
GÜNEBAKAR. Günebakar aralyk ekin hökmünde ýurdumyzda soňky 1-2 ýyllykda tejribe edilip başlanyldy. Şonuň üçin hem, seljermeler ony aralyk möwsümde ýetişdirip bolar diýmäge esas berýär. Günebakar, adatça, 3-4 gezek suwarylýar. Onuň her gektaryndan ortaça
3 tonna hasyl almak mümkin. Günebakardan alnan hasyl, esasan, ýag almak, çörek we konditer önümlerine goşmak üçin hem-de çigitlenilýän çigit görnüşinde gaýtadan işlenilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda günebakar çigitleriniň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilip, halka hödürlenilýän görnüşleriniň onlarçasy bar. Olaryň hatarynda «Arakesme», «Güýmenje», «Bäş minut» ýaly brendleri görkezmek bolar. Galyberse-de, ýurdumyzda aşhana senagatynda günebakar ýagyna bolan islegiň uludygy hem onuň içerki bazarda hyrydarly ekindigine güwä geçýär. Şunlukda, aralyk ekin hökmünde giň meýdanlarda günebakar ýetişdirilmegi ýurdumyz üçin köptaraplaýyn bähbitli bolar.
MEKGEJÖWEN. Hasyllylygy bilen aralyk ekinleriň arasynda görnetin tapawutlanýar. Has takygy, bir gektardan sortuna we daýhanyň tejribesine baglylykda, 4-6 tonnadan 8-10 tonna çenli mekgejöwen hasyly alynýar. Ussatlyga ýeten ýer eýeleriniň arasynda bu görkezijini 15 tonna çenli artdyrmagy başarýanlary hem bar. Şeýle-de ony ýörite kombaýnlar arkaly ýygnap bolýandygy hem mekgejöweniň artykmaçlyklarynyň biridir. Ýöne onuň suwy köp talap edýändigini hem-de ýeri birneme arrykladýandygyny unutmaly däl. Galyberse-de, mekgejöwen babatda bellenilmeli zatlaryň biri ol dänelik we ot-iýmlik maksatly birnäçe sortlara bölünýär. Dänelik mekgejöwen ekilýän ýeriniň ýerasty suwa ýakynlygyna baglylykda, Ahal we Mary welaýatlarynda 8-10, Daşoguz welaýatynda 4-6 gezek suwarylmagy talap edýän ekin. Dänelik sortlaryň hem öz gezeginde, adamlaryň iýmegi üçin, şeýle-de guşçulyga niýetlenen dänelik mekgejöwen görnüşleri bar. Guşçulyga niýetlenilen dänelik mekgejöwen ýygnalan mahaly, onuň däneleriniň owranmazlygyna (owranaýanda-da owranan däneleri saýlap aýyrmak gerek) aýratyn ähmiýet bermeli. Çünki ol guşçulyk fermalarynda uzak wagt saklanylsa, şol owranan däneler ajap, ýaramsyz hala gelýär. Ot-iýmlik mekgejöwen ekilýän ýeriniň ýerasty suwa ýakynlygyna baglylykda, Ahal we Mary welaýatlarynda 6-8, Daşoguz welaýatynda 4-6 gezek suwarylmagy talap edýän ekin. Ot-iýmlik mekgejöwenden ortaça 30-35 tonna, ussatlyga ýeten daýhanlaryň bolsa 55-60 tonna hasyl alýandygyny hem buýsanç bilen bellemek gerek. Ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk fermalarynyň uly depgin bilen artýandygyny nazarda tutup, mekgejöwen önümçiliginiň giň gerime eýe bolmagy ýurdumyzyň bähbidine bolar. Ýeri gelende, türkmen telekeçileri mekgejöweniň bol hasylyny almak üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýeden onuň birnäçe sortlarynyň tohumlaryny getirip, ýurdumyzyň toprak we howa şertlerine uýgunlaşýan görnüşlerini saýlandyklaryny bellemek gerek. Eger-de aralyk ekin hökmünde mekgejöwen ekmek kararyna gelnen ýagdaýynda, onuň tohumyny eýýäm bir ýyl öňünden taýýarlap goýmagyň zerurdygyny hem ýatladýarys.
ŞALY. Toprak, suw üpjünçiligi we howa şertleri nazara alynsa, şalyny diňe ýurdumyzyň Lebap welaýatynda aralyk ekin hökmünde ösdürip ýetişdirmek maksadalaýyk bolar. Ilki bilen, aralyk ekin hökmünde ekilen şalynyň adaty wagtyndaky ekilýän şalydan birneme köp tohum talap edýändigini bellemelidiris. Has anyk aýtsak, adatça, bir gektar ýere 150 kilogram tohum sepilýän bolsa, 22-nji iýundan her gektara 180, 1-nji iýuldan soňra bolsa 200-250 kilogram tohum sepmeli bolýar. Munuň sebäbi näçe giç ekildigiçe, suwuň sowaýandygy zerarly, ekin penje açyp ýetişmeýär. Galyberse-de, aralyk ekin hökmünde şaly ekmek kararyna gelnen ýagdaýynda, bugdaý oragyny mümkin boldugyça tiz geçirmegiň gerekdigini nygtasymyz gelýär. Sebäbi şalynyň ýetişmegi üçin azyndan 120 gün wagt gerek: 90 gün içinde suw ýatmaly, 30 gün suwuny kesip, hasyly bişirmeli. Şonuň üçin hem, şaly giç ekilse, indiki bugdaý ekişiniň hem gijikmegine sebäp bolmagy mümkin. Şalynyň her gektaryndan ortaça 4-5 tonna hasyl alynýar. Ussatlyga ýeten daýhanlar bir gektar şalydan 6-8 tonna hasyl almagy hem başarýarlar. Şalydan alynýan tüwi önümleri içerki bazarda hem, daşarky bazarda hem hyrydarly harytlar hasaplanylýar. Şonuň üçin hem, suw üpjünçiligine laýyklykda, aralyk ekin hökmünde giň meýdanlara şaly ekilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygyna hem, döwletimiziň eksport kuwwatyna hem goşant
bolup biler.
Bulardan başga-da, aralyk ekin hökmünde gawunyň, garpyzyň we kädiniň hem gysga wagtda bişip ýetişýän käbir görnüşlerini ekmek bolar. Agzalan bakja ekinleriniň hem ýurdumyzda aralyk ekin hökmünde köpçülikleýin ýetişdirilmegi bazar bolçulygyna, bakja önümleriniň bahalarynyň elýeter bolmagyna mümkinçlik berer. Mahlasy, bugdaý orlandan soň boşaýan ýüz müňlerçe gektar ýerlere agzalan görnüşleri ekmek arkaly, daýhanlarymyz ata Watanymyzyň ösüşlerine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de azyk bolçulygyna goşant goşup bilerler. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýer eýelerine ähli şertler döredilip berilýär. Diýlişi ýaly, mümkinçilik we şert bar ýerde bolsa, diňe zähmet çekäýmek galýar.
Döwletgeldi BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň
halkara hususy hukugy
ugrunyň magistranty, telekeçi.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI