07/12/2020
510
Alymlaryň türkmen Bitaraplygyna berýän bahasy
4-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Bitaraplyk syýasaty parahatçylygy döretmegiň sungatydyr” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlarydyr talyplar ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler BMG-niň jogapkärli uzakmöhletleýin hyzmatdaşy, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarly ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ugrunda edilýän halkara tagallalaryna işjeň gatnaşygy barada şeýle-de “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň, gürrüňsiz, täze şöhratly we beýik işlere beslenendigini belläp, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýä giňişliginde abraýynyň artmagynyň hem-de ähliumumy ylalaşdyryjylykly işlerinde ornuny ykrar etmegiň bähbidine hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan ägirt uly işlerini hoşallyk bildirdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişliginde at-abraýyny artdyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.