616
Ählihalk ýowary ruhubelentlige beslendi
2021-nji ýylyň 22-nji maýynda ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen Ählihalk ýowaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işgärler düzümi hem-de talyplary işjeň gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak baradaky çagyryşlaryna ruhubelentlik bilen seslenen ählihalk çäresine gatnaşyjylar ýowar güni institutyň çäklerindäki bagy-bossanlykda ösüp oturan baglara ideg etdiler, haşal otlary aýryp, tarp ýerleri depdiler. Olar şeýle hem abadançylyk işlerini ýerine ýetirdiler.
Ýowaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň bagy-bossanlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolýan çärelere geljekde hem işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.