22/03/2025
2114
ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 22-nji martynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy
geçirilip, bu asylly işe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamanyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawy aýawly
garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýedir.
Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ekilmegi daşky
gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün
edýär. Ýurdumyzda ähli ýerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal
ekilen hem-de boý alan baglara ideg etmek işleri hem geçirildi.
Şunuň bilen baglylykda, ählihalk bag ekmek dabarasynda institutymyzyň
mugallymlarydyr talyplary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de
institutymyzyň çäklerinde bag nahallaryny oturtdylar. Şeýle-de bag nahallaryna
talabalaýyk ideg işleri edildi. Ýokary ruhybelentlikde geçirilen ählihalk bag ekmek
dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyryldy.
Gülşat HAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.