08/06/2023
819
“Adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketlere garşy halkara standartlaryny Milli kanunçylyga ornaşdyrmak” boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2023-nji ýylyň 7-8-nji iýuny aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň gurnamagynda “Adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketlere garşy halkara standartlaryny Milli kanunçylyga ornaşdyrmak” boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Döwlet habarlar gullugynyň, KHBS-niň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer gatnaşyklary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu okuw sapagynyň maksady milli hünärmenleri adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketlere garşy halkara standartlary we olaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyrmakdan ybarat. Okuw sapagynyň dowamynda halkara bilermenler adam hukuklary we azatlyklary dogrusynda, onuň mertebesi dogrusynda giňişleýin düşünje berdiler.
Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we
amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.