Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Adam hukuklarynyň Halkara gününe bagyşlanan ylmy makala ýazmak boýunça bäsleşik!
    Adam hukuklarynyň Halkara gününe bagyşlanan ylmy makala ýazmak boýunça bäsleşik! surady
    30/11/-0001

    846

    Adam hukuklarynyň Halkara gününe bagyşlanan ylmy makala ýazmak boýunça bäsleşik!

    Ýurdumyzda demokratik we hukuk döwletini döretmek, ony ygtybarly dolandyrmak işinde adam hukuklarynyň, azatlyklarynyň berkarar edilişine, goralyşyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistan adam hukuklary çygryndaky esasy Konwensiýalaryň köpüsine goşuldy we beýleki halkara hukuk resminamalaryna goşulmak we olary milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyz adam hukuklary bilen meşgullanýan köp sanly halkara guramalarynyň doly hukukly agzasy bolmak, bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek bilen, öňde goýulan wezipeleri doly berjaý etmekde we halkara tejribesinde öz goşandyny goşmakda uly işleri amala aşyrýar. Ýokary okuw mekdeplerinde adam hukuklary boýunça bilimi özleşdirmek we ylmy taýdan öwrenmek işleri has hem kämilleşdirilýär. Bu işleri halkara tejribesine laýyklykda alyp barmakda halkara guramalary aýratyn orny eýeleýär.

    2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde Adam hukuklarynyň Halkara gününe bagyşlanan ylmy makalalary ýazmak boýunça ýokary okuw mekdeplerinde halkara hukugy dersini okaýan talyplaryň arasynda yglan eden bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Bu bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady, halkara hukugy hünärinde okaýan talyplaryň adam hukuklary babatdaky bilimlerini artdyrmak, ylmy taýdan öwrenmeklige ugrukdyrmak hem-de gelejekde adam hukuklaryny goramakda hünär endiklerini kämilleşdirmek bolup durýar. Bu bäsleşige ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hukukçy talyplary, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary gatnaşyp, abraýly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşan talyplar esasan adam hukuklary düşünjesiniň ähli ugurlary boýunça gurşap alýan temalar boýunça, hususan-da adam söwdasy, sanly ulgamda adamyň hukuklarynyň goralyşy, bilim ulgamynda adamyň hukuklary, adam hukuklarynyň halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrylyşy, adam hukuklaryny düzgünleşdirmek boýunça sebitdäki orny ýaly temalar boýunça ylmy makalalary ýazmak bilen öz pikirlerini we tekliplerini beýan etdiler. Bäsleşikde ylmy makalalarda aýratyn jemleýji netijleri görkezip Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýbölek Amangeldiýewa 1-nji orna, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby Hatyja Döwletnazarowa, 4-nji ýyl talyby Jahan Öräýewa hem-de 5-nji ýyl talyby Töfe Hoşanowa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde işjeňlik görkezen Halkara hukugy fakultetiniň beýleki talyplary hem höweslendiriji baýraklara, ýadygärlik sowgatlaryna hem-de hormat hatlaryna mynasyp boldular.

    Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara hukugynyň pudaklary bilen baglanyşykly geçirilýän bäsleşiklere mugallymlaryň we talyplaryň işjeň gatnaşmagy, olaryň halkara hukugy boýunça bilimleriniň has hem artmagyna we kämilleşmegine uly ýardam berýär.

    Merjen GURBANNAZAROWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme

    hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI