386
“AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Açyk gapylar” güni mynasybetli paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylaryna ýokary okuw mekdebimiz barada institutymyzyň mugallymlary tarapyndan gysgaça maglumatlar berildi. Tanyşdyryş dabarasynda institutymyzyň we talyplaryň durmuşyndan taýýarlanan wideorolik görkezildi. Soňra mekdep okuwçylary institutymyzyň baş binasynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide kafedralaryň alyp barýan işleri, talyplaryň dürli ýyllarda halkara we ýurdumyzda geçirilen bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Çäräniň dowamynda geljekki uçurym okuwçylar institutymyzyň muzeýi, okuw studiýasy we kitaphanalary bilen hem tanyşdyryldy.
Institutymyzda geçirilen “Açyk gapylar” güni Türkmenistanyň Daşary işler minitrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty barada mekdep okuwçylarynda bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Alymuhammet ATDAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.