Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / «Abadançylygyň röwşen gadamlary» rus we iňlis dillerinde neşir edildi
    «Abadançylygyň röwşen gadamlary» rus we iňlis dillerinde neşir edildi surady
    30/11/-0001

    1112

    «Abadançylygyň röwşen gadamlary» rus we iňlis dillerinde neşir edildi

    2022-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» kitabynyň rus we iňlis dillerindäki neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, käbir ýokary okuw mekdepleriniň hem-de biziň institutymyzyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, syýasatşynaslar gatnaşdylar.
    Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň çykyşy diňlenildi. Daşary işler ministri öz çykyşynda milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmak barada edýän tagallalary, hususan-da, şeýle işleriň aýdyň subutnamasy bolan «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabyň giň okyjylar köpçüligine eýe bolan rus we iňlis dillerine terjime edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Soňra Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyldaky möhüm ähmiýetli syýasy wakalar bolan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerinde eden taryhy çykyşlaryny özünde jemleýän «Abadançylygyň röwşen gadamlary» kitabyň rus diline terjime edilmeginiň russiýaly okyjylara Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.
    Şeýle-de dabaranyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maral Kuliýewa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda gazanýan üstünlikleri, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde hoşmeýilli gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän wajyp orny, türkmen diplomatiýasynyň iň asylly däplerini özünde jemleýän bu neşiriň rus we iňlis dillerine terjime edilmeginiň derwaýyslygy barada giňişleýin durlup geçildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

    Batyr KAIROW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Şeýle hem bu barada şu ýerde okap bilersiňiz :
    https://www.mfa.gov.tm/tk/news/3064
    https://turkmenportal.com/tm/blog/45197/abadanchylygyn-rowshen-gadamlary-kitaby-rus-we-inlis-dillerinde-neshir-edildi
    https://turkmengazet.com/10652-2/ 

    Soňky täzelikler

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI