21/11/2024
652
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda «Öňüni alyş diplomatiýasy» ugry boýunça «Halkara gatnaşyklarynda öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti» atly temadan okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Suraý Öwliýagulyýewa alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda häzirki döwürde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýeti hem-de bitaraplygyň, şeýle-de parahatçylygy goldamakda we dünýä gurluşy babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite edaralarynyň ornunyň wajyplygy barada gürrüň berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyp ýaşlar mugallyma özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.
Hemragylyç NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
21/04/2025
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY