Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / 2023-nji ÝYLY — «PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI HÖKMÜNDE DIALOGYŇ HALKARA ÝYLY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
    2023-nji ÝYLY — «PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI HÖKMÜNDE DIALOGYŇ HALKARA ÝYLY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI surady
    27/01/2023

    925

    2023-nji ÝYLY — «PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI HÖKMÜNDE DIALOGYŇ HALKARA ÝYLY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

    2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda 2023-nji ýyly — «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Bu dabara Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ulgamynyň ýokary derejeli wekilleri hem-de oňa agza döwletleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Dabaraly maslahatda BMG-niň Baş Assambleýasyndan, BMG-niň Ženewadaky edarasyndan, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasyndan, Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Moskwadaky edarasyndan, ÝUNESKO-nyň we ÝUNISEF-iň düzüminden, Halkara Migrasiýa Guramasyndan wekiller hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryndan wekiller sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
    Şeýle-de bu dabaraly maslahatda Goşulyşmazlyk Hereketinden, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinden, BMG-niň Ösüşi utgaşdyryş edarasyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Nikaragua Respublikasynyň BMG-däki hemişelik wekilleri we beýlekiler çykyş etdiler.
    Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bu çözgüde gurama agza ýurtlaryň 68-si awtordaş bolup çykyş etdi. “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary we oňyn garaýyşlary ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
    Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri syýasatynyň we hemişelik Bitaraplyk ýörelgämize daýanýan daşary syýasatymyzyň sazlaşmagynda milli ösüşlerimiziň halkara derejesinde nusgalyk ösüşlere öwrülýändigini, halkymyzyň durmuş, hal-ýagdaýyny barha ýokarlandyryp, berkararlyk binýadymyzy has-da berkidýändigini nygtap geçdiler.
    Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dowamatynyň dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

    Merjen DURDYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
    öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

    https://www.mfa.gov.tm/tk/news/3587https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/ru/newspapers/3/articles/92500

    https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/2023-nji-yyly-parahatcylygyn-kepili-hokmunde-dialogyn-halkara-yyly-yyly-diyip-yglan-etmek-dabarasy-gecirildi-c9b696https://turkmenportal.com/tm/blog/57239?ISCI=060902

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI