06/04/2026
71
“18 ýyl – 18 üstünlik” atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli Halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda “18 ýyl – 18 üstünlik” atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda talyplar institutyň geçen 18 ýyllyk şöhratly ýoluny beýan edýän täsirli prezentasiýalary hödürlediler. Talyplar öz institutymyzyň halkara hyzmatdaşlygy, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we halkara guramalary bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklary, ýurdumyzyň ylmy-bilim kuwwaty, sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylyşy we döwrebap okuw usullary, talyplaryň halkara we döwlet derejesindäki ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri ýaly esasy ugurlara ünsi çekdiler.
Bu bäsleşik diňe bir talyplaryň prezentasiýa ukyplaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem olarda öz okaýan bilim ojagyna bolan buýsanjy artdyrmaga, ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny has çuňňur öwrenmäge ýardam etdi, şeýle-de institutymyzyň döredilen gününden bäri geçen gysga wagtyň içinde nähili uly sepgitlere ýetendigini ýene-de bir gezek subut etdi.
18 ýyl — bu diňe bir başlangyç, öňde bolsa has uly üstünlikler garaşýar!
Ogulşirin GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.