Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / 18-nji fewral - Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni
    18-nji fewral - Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni surady
    30/11/-0001

    971

    18-nji fewral - Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

    Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär. 2009-njy ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz her ýylyň 18-nji fewralyny Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni hökmünde belläp geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu sene türkmen diplomatlaryna we olaryň alyp barýan asylly işlerine döwlet derejesinde goýulýan sarpany aňladýar.
    Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Diplomatik gullugynyň işgärleri milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, öz öňlerinde goýlan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça maksada laýyk işleri amala aşyrýarlar. Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, “Diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegi bolup, ol halkara gatnaşyklary çäginde döwletiň hukuklaryny goramak wezipesini öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär” diýlip bellenilýär.
    Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy parahatçylygy söýüji döwlet hökmünde halkara derejesinde dünýä döwletleri ykrar edýärler. Diýarymyz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar.
    Watanymyzda häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaş diplomatlary taýýarlap ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Institutda täze hünärleriň açylmagy, bilim bermek işinde öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň hem-de innowasion usullaryň işjeň ornaşdyrylmagy, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen özara peýdaly tejribeleriň alşylmagy buýsandyryjydyr. Institutyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli ýokarlandyrylyp, bu ýerde okaýan talyplara kämil derejede bilim almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdebinde diplomatiýanyň ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, suw hem-de medeniýet we sport ýaly wajyp ugurlarynyň ösdürilmegi hem-de öwredilmegi barada tagallalar edilýär.
    Batyr ESENOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,
    “Paýhas we Parasat”gurnagynyň agzasy.

    Soňky täzelikler

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi surady

    23/06/2025

    Ylmy – amaly maslahat geçirildi
    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK surady

    18/06/2025

    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar! surady

    16/06/2025

    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI