12/07/2023
832
11-nji iýul – Bütindünýä ilat güni
Bu sene BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjy Geňeşi tarapyndan 1989-njy ýylda döredilip, hut şu günüň saýlanylmagynyň sebäbi, 1987-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýä ilatynyň bäş milliard adama ýeten takmynan senesi bilen baglanyşyklydyr.
Dünýä ilatynyň 49,7 göterimini zenanlar emele getirýär. Has adalatly, çydamly we dowamly dünýäni döretmek üçin gender deňligini ösdürmek zerurdyr. Şol sebäpden 2023-nji ýylyň mowzugy: "Jyns taýdan deňligiň güýjüni açmak hem-de dünýäniň çäksiz mümkinçiliklerini açmak üçin zenanlaryň seslerini ýokarlandyrmak" diýlip atlandyryldy.
Bütindünýä ilat güni, maşgalany meýilleşdirmegiň ähmiýeti, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygy, adam hukuklary ýaly ilatyň dürli meseleleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bellenilýär. Dünýä ilaty her 14 aýda takmynan 100 million köpelýär. 2016-njy ýylyň 6-njy fewralynda 7,400,000,000-e, 2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde bolsa dünýä ilaty 7,500,000,000-e barabar boldy. Bu görkeziji 2019-njy ýylda 7,700,000,000-e ýetipdir.
Häzirki wagtda dünýäde şäherleşmek ýokary derejede ösýär. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň takmynan 66 göterimi şäherlerde ýaşar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 17 – 27-si aralygynda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýen şygar astynda ilat ýazuwy geçirilipdi. Bu dabaraly çärä gatnaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika Komissiýasyndan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasyndan alty sany tehniki geňeşçiden ybarat topar ýokary derejeli we tehniki ýygnaklaryň birnäçesini geçirdi.
Nobatdaky geçirilen bu ilat ýazuwy Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlara laýyklykda milli strategiki meýilnamalary we syýasatlary düzmäge, hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary babatdaky öňegidişlikleri ölçermäge ýardam berjek maglumatlary döretmäge, ýaýratmaga we ulanmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Ilat ýazuwynda ilatyň sanyndan başga-da ilatyň demografiki, geografiki,
ykdysady, etno-medeni aýratynlyklary, bilim derejesi, ilatyň saglyk ýagdaýy hem-de ýaşaýyş şertleri barada maglumat ýygnalýar. Bu jemgyýetiň düzümindäki üýtgeşmeleri yzarlamaga mümkinçilik berýän ilatyň sany we aýratynlyklary barada iň täze maglumatlary almak üçin zerurdyr. Her ýazuwyň netijesi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin maksatnamalary işläp düzmekde maglumat binýady bolup durýar. 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy Türkmenistanda geçirilen ilkinji sanly ýazuw boldy.
Arslan SYÝAHATOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI