29/04/2021
625
ÝHHG-niň wodorod energetikasyna bagyşlanan ylmy maslahat
2021-nji ýylyň 28-29-njy aprelinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň guramagynda “Wodorod energetikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri: innowasiýalar we tehnologiýalar” atly okuw maslahaty geçirildi. Belarusyň öňdebaryjy alymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu okuw maslahatyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Maslahatda wodorod energetikasynyň dürli pudaklarda ulanylyşynyň ösüşi, wodorod energetikasynyň ykdysady-tehniki jähetleri, energiýa ulanyşyny düzgünleşdirmekde wodorod ulanylyşynyň netijeliligi, wodorod energetikasynyň ykdysadyýete täsiri, dünýä bazarynda ösüşiniň seljermesi ýaly ylmy meselelere seredildi. wodorod energetikasy, ýurtlar boýunça wodorod strategiýasynyň seljermesi we Merkezi Aziýadan wodorody eksport etmegiň esasy ugurlary, wodorod energetikasynyň uzakmöhletleýin
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bilermenlere wodorod energetikasynyň wajyp ugurlaryny ösdürmek boýunça gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler. Şeýle-de, agzalýan meseleler boýunça giňden pikir alyşmalar geçirildi.
Şamyrat AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.