23/11/2024
21
Ýaşlygyň uly serpaýy
Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ýaşlaryň ukypdyr zehini bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz: «Zehinli adamlar Watanymyzyň ezizleridir. Zehini açmak bolsa eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlerde birjik-de ünsden düşürilmeýän wezipedir» diýip nygtaýar. Her ýyl bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zehinli, Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlaryň ençemesine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy ýaş nesilleriň döredijilik başlangyçlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany boldy.
2024-nji ýylyň 16-njy noýabry. Duýgulardan pürepür altyn güýzüň bagtyýar şol güni ýaşlaryň hasyl bolan arzuwlary bilen utgaşyp, ýakymly pursatlary döretdi. Elbetde, zehinli, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňdebaryjy, ukyp-başarnykly ýaşlaryň arasynda adyň tutulmagy diýseň ýakymly duýgy. Bu arzyly baýraga mynasyp bolan deň-duşlarymyz bilen tolgundyryjy duýgulary paýlaşanymyzda, söýgüli şahyrymyz Kakamyrat Rejebowyň: «Göwnüme bolmasa, uzyn ömürler // Belli-belli günler üçin ýaşalýar» diýen goşgy setirleri ýadymyza düşdi.
Ömrüň bahar çagyndaky ilkinji serpaýyň hiç wagt ýadyňdan çykman, gaýta, ýeten menzilleriňe röwüş çaýýar. Ýaşlykda kalbymyzda peýda bolan uly maksatlar, höwesler biziň geljekki üstünliklerimiziň binýady bolýar. Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän ösüş strategiýasynyň hem möhüm ugurlarynyň biridir. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Ýeri gelende bellesek, guramanyň Merkezi geňeşi tarapyndan döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda öňdebaryjy ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, dürli çäreler guralýar. Şu ýylymyzda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň 506-sy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenilip, olaryň 135-si bu arzyly baýragyň eýesi diýlip yglan edildi.
Ýaşlar baýragy — ýaşlygyň uly serpaýy, ýaşlaryň toýy. Bu arzyly baýrak biz — ýaşlara öz saýlap alan hünärimiziň çuňluklaryna aralaşmaga itergi berip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, agzybirlikde döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Her bir güni taryhyň şöhratly sahypalaryndan orun alýan şeýle ajaýyp döwrümizde menzil-menzil ýol aşyp, üstünlikden-üstünlige ýetmek hemmämize nesip etsin! Baýragyňyz gutly bolsun, mähriban ýaşlar!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.