Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Council of Young Scientists / Ýaşlaryň üstünligi — sanly ösüşlere goşant
    Ýaşlaryň üstünligi — sanly ösüşlere goşant
    Ýaşlaryň üstünligi — sanly ösüşlere goşant
    20/12/2023

    1468

    Ýaşlaryň üstünligi — sanly ösüşlere goşant

    Ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, sanly bilimi ornaşdyrmagyň depginini artdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, ýurdumyzda ylmy-döredijilik bäsleşikleri, taslama sergileri yzygiderli geçirilýär. Önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işlere ýaşlar hem işjeň gatnaşýar. Bu babatda sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri hem aýratyn bellemäge mynasypdyr.
    Ýakynda, has takygy, 2023-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda ýurdumyzyň umumybilim berýän, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda geçirilen «Turkmen Cyber.Hack» atly hakaton ylmy-döredijilik bäsleşiginde institutyň talyplary gowy netije görkezip, III baýrakly orna mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň guramagynda geçirilen bu bäsleşikde ýaşlar toparlaýyn esasda bäsleşdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň öwreniji-mugallymy Meýlis Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzüminde institutyň talyplary — Dawut Pürnazarow, Ysmaýyl Berdiýew, Farhat Şaripow, Maksat Taganow, Batyr Sadullaýew dagylar çykyş etdiler. Talyplar sanly ulgamlary guramak we olary dolandyrmak, häzirki zaman sanly gurşawdan başarnykly baş alyp çykmak boýunça özleriniň ussatlygyny görkezdiler.
    Şeýle hem institutyň talyplary 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Informatika dersi boýunça geçirilen Açyk internet olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Geljekki halkaraçy hünärmenler — Dawut Pürnazarow, Ysmaýyl Berdiýew, Farhat Şaripow, Batyr Sadullaýew, Geldimyrat Tagyýew olimpiadada ýokary işjeňlik görkezdiler. Olara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Latest News

    PRESENTATION COMPETITION WAS HELD surady

    29/05/2025

    PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    THE LESSON WAS HELD surady

    21/05/2025

    THE LESSON WAS HELD
    SCIENTIFIC SEMINAR “DIPLOMACY IS AN ART” WAS HELD surady

    12/03/2025

    SCIENTIFIC SEMINAR “DIPLOMACY IS AN ART” WAS HELD
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI